Habarlaşmak
03.06.2025
«Türkmenenergo» Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça türk kompaaniýasy bilen şertnama baglaşar
04.07.2022
«Türkmenenergo» Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça türk kompaaniýasy bilen şertnama baglaşar

«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama baglaşar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Bu Karar içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder.

Şeýle hem