Habarlaşmak
28.10.2024
“Türkmennebit” döwlet konsernine “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi
26.10.2024
“Türkmennebit” döwlet konsernine “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem