Eziz Diýarymyzyň çäklerindäki ýataklardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri bitirýärler. Bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 1 müň 675 tonna barabar bolup, meýilnama artygy bilen berjaý edildi.
Tutuş trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň 680 tonnasy «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Bu müdirlik boýunça geçen aýda tabşyryga 120 göterim hötde gelindi. Has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik bar. Bu mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmagy başarýan barsagelmezli abatlaýjylar geçen hasabat döwründe jemi 15 guýuda düýpli abatlaýyş işlerini geçirip, olaryň ählisini ulanmaga tabşyrmagy başardylar.
Çeşme: “Türkmenistan“ gazeti