Habarlaşmak
26.06.2025
"Türkmennebit" döwlet konserni TNGIZT-e gaýtadan işlemek üçin niýetlenen nebit üpjünçiligini ýokarlandyrýar
25.06.2025
"Türkmennebit" döwlet konserni TNGIZT-e gaýtadan işlemek üçin niýetlenen nebit üpjünçiligini ýokarlandyrýar

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky edara-kärhanalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günlerinde artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler we bellenilen tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirýärler. 
Balkanabat şäherinde ýerleşýän konserniň Esasy nebit geçirijiler müdirliginiň hünärmenleriniň şu ýylyň geçen hasabat döwründe gazanan zähmet netijeleri hem guwandyryjydyr.
Günbatar sebitde gazylyp alynýan nebit çig maly Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna akdyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça zawodlar toplumyna geçirilen «gara altynyň» möçberi 1 million 948 müň 927 tonna barabar boldy. 
Gaýtadan işleýjilere ýetirilen çig malyň 1 million 860 müň 778 tonnasy turba geçirijileriň üsti bilen ugradyldy. Şol sanda deňiz üsti bilen gowşan nebitiň mukdary 23 müň 864 tonna, demir ýol arkaly ýetirilen «gara altyn» 20 müň 364 tonna deň boldy.

Çeşme: Orient.tm

Şeýle hem