Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahatlaşyldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Instagram sahypasynda habar berýär.
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Energetika ministrleriniň, DIM-niň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen tarapy wodorod energetikasy, ugurdaş gazyň monetizasiýasy, ýurduň nebitgaz ulgamynda dekarbonizasiýalaşdyrmagyň ýollary ulgamynda Beýik Britaniýanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Tegelek stoluň dowamynda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň toplumynda ýöriteleşýän Aggreko, Ikigai Capital, Hydro-C ýaly kompaniýalaryň wekilleri prezentasiýa bilen çykyş etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem «ýaşyl» energetika ulgamynda taslamalary maliýeleşdirmek meselesine garadylar.