Habarlaşmak
26.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri nebitgaz ulgamynda taslamalary ilerletmegi maslahatlaşdylar
21.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri nebitgaz ulgamynda taslamalary ilerletmegi maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar diýip, TDH agentligi habar berýär.

Myhman döwlet Baştutanyna Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan  bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň hem-de ynamyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belledi, munuň özi oňyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň täze anyk many-mazmun bilen doldurylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalary hem maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýähojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Şeýle hem