Habarlaşmak
17.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyna gutlag hatyny iberdi
17.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyna gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Ses berlişigiň netijeleri Tatarystanyň ähli halkynyň Siziň çekýän ýadawsyz zähmetiňize we Size goýýan hormatynyň nyşanydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we bu möhüm wakanyň Tatarystanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem