Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň bu gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda netijeli häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi. Nebitgaz, senagat, ulag, logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Toparyň işi ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, telekeçilik we maýa goýum işini höweslendirmäge, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.