
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Daşkent şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.