Habarlaşmak
16.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti: «EKSPO — 2020» sergisi dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berer
02.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti: «EKSPO — 2020» sergisi dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berer

1-nji oktýabrda Dubaýda «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi açyldy. Ol COVID-19 pandemiýasy zerarly bir ýyl yza süýşürilipdi. 190-dan gowrak döwlet 182 günüň dowamynda tehnika, ylym we sungat ulgamlarynda öz gazananlaryny we innowasiýalaryny görkezer. Bu iri halkara gözden geçirilişine Türkmenistan hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar.

Türkmen Lideri: «Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» - diýip belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli pawilýony hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryna we taslamalaryna badalga bermek bilen, ähli ugurlarda halkymyzyň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.

«Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar» - diýip döwlet Baştutany nygtady.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär.

Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
 

Şeýle hem