Habarlaşmak
04.12.2025
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
04.12.2025
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow 1-nji dekabrda Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy.

Prezident Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy hem ýetirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçisi netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin mümkin bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem