Habarlaşmak
14.03.2025
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» halkara forumyna 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil gatnaşar
14.03.2025
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» halkara forumyna 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil gatnaşar

Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça geçiriljek Halkara forumyna («Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT 2025) taýýarlyk işleri dowam edýär. Forum 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil foruma gatnaşjakdygyny eýýämden tassyklady.

Forumyň baş hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti çykyş eder. 2015-nji ýylda döredilen bu kompaniýa Türkmenistanda elektronika we elektroenergetika pudagynda öňdebaryjy öndüriji bolup durýar. Ol importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine ýöriteleşip, harytlarynyň görnüşini yzygiderli giňeldýär. 2024-nji ýylda “Aýdyň Gijeler” döwlet taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirip, planşetleriň, noutbuklaryň we göçme kompýuterleriň önümçiligini hem-de üpjünçiligini ýola goýdy.

IFT 2025 forumy maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Bu çäre ýurdumyzyň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hem açar.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti

 

Şeýle hem