Habarlaşmak
02.07.2025
Türkmenistanyň «EKSPO-2020 Dubaý» sergisine gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy
24.09.2021
Türkmenistanyň «EKSPO-2020 Dubaý» sergisine gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Çarşenbe güni «EKSPO-2020 Dubaý» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministri O.Gurbannazarow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nukdaýnazaryndan, Dubaýda geçiriljek «EKSPO-2020» halkara serginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, agzalan uly möçberli çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020” halkara sergä gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşman, eýsem dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň baý medeniýeti barada gürrüň bermäge mümkinçilik berer.

Ýatlap geçsek, «EKSPO-2020 Dubaý» sergisi 1 oktýabrda açylyp, 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Oňa dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy gatnaşar.

Türkmenistanyň pawilýony forumda «Ykjamlyk» mowzuklaýyn çäginde ýerleşer. 9-njy oktýabr ýurdumyzyň gazananlarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň ýeten sepgitleriniň görkezilişine bagyşlanar.

 

Şeýle hem