Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 8-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, olar öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini, öndürilýän önümleriň, hususan-da, benziniň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldady. Onuň esasynda wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.