2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda hususan-da Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglylykda sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi. Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi, şol sanda ynsanperwer kömegini hem-de parahatçylyk başlangyçlaryna goldaw berýändigi nygtaldy.
Türkmenistan–Owganystan demir ýolunyň gurluşygy hem-de täze energetika we ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar açyk syýasy dialogy ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
***
Şeýle hem, Brýusselde geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropa Adalatçysynyň Kabinetiniň ýolbaşçysy Lambros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar alyp barýan işleri barada maglumat alyşdylar, öz institutlarynyň döredilmeginiň taryhy, esasy wezipeleri hem-de raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamagyň aýratynlyklary barada söhbet etdiler. Türkmen tarapy mundan beýläk-de tejribe we öňdebaryjy gazananlary alyşmaga hem-de ýewropaly kärdeşleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Iki tarap hem gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler hem-de iki institutlaryň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, ýygy-ýygydan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga we amaly çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.