Habarlaşmak
13.07.2025
Türkmenistan we BAE nebitgaz, himiýa we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda tagallalary güýçlendirmegi meýilleşdirýärler
22.11.2022
Türkmenistan we BAE nebitgaz, himiýa we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda tagallalary güýçlendirmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistan we BAE nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti, Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada bellenilýär.

«Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Olar şol ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny bellediler» - diýlip Beýannamada aýdylýar.

Taraplar bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin iki döwletiň telekeçilerine goldaw bererler.

Taraplar ulag gatnawlarynyň iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Şeýle hem Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerden soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle hem