Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkantda ŞHG sammitinde eden çykyşynda belledi.
— Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar — diýip türkmen Lideri belledi.
— Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär — diýip Prezident belledi.
Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi.
— Şeýle-de biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.