Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan 141,2 mln litr awtomobil benzinini import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär. Şeýlelikde, goňşy ýurtda awtobenzin eksport etmek boýunça Türkmenistan ikinji orny eýeleýär.
Bu babatda birinji orunda geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistana 145,3 mln litr benzin iberen russiýaly öndürijiler ýerleşýär. Üçünji orunda 16 mln litr benzin eksport eden Gazagystan ýerleşýär.
Özbegistana benzin eksport edijileriň bäşligine şeýle hem Yrak (3,6 mln litr) we Eýran (1,8 mln litr) girýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanda benziniň dürli kysymlarynyň önümçiligi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem Ahal welaýatyndaky täze zawodda amala aşyrylýar. Şol bir wagtda ekologiýa taýdan arassa ýangyç Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýar.
2019-njy ýylyň iýun aýynda işe girizilen zawod «Türkmengaz» DK-nyň ýaponlaryň «Kawasaki Heavy Industries» we türkleriň «Rönesans» holdinginiň konsorsiumy bilen şertnamasy esasynda guruldy. Zawod her ýylda ECO-93 benzininiň 600 müň tonnasyny öndürmäge ukyply. Geljekde bu gazhimiýa toplumynda desganyň ikinji tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa önümçilik mümkinçiliklerini düýpli ýokarlandyrar. Netijede bolsa, ýurduň nebitgaz toplumynyň eksporty artar.
Häzirki wagtda Türkmenistan nebit önümlerini Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna iberýär.