Aşgabatda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapyndan işewürlik maslahatyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Tatarystandan dürli ykdysady ugurlarda ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat wekiliýet geldi.
“KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” maşyngurluşyk kärhanalary ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.
Awtomobil, awiasiýa we gämigurluşyk, energetika, himiýa önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini ibermek, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen baglylykda, aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring we ylmy-barlag merkezlerini döretmek, nano we IT tehnologiýalary ösdürmek, kompozit serişdelerini we robot tehnikalaryny öndürmek ýaly ugurlarda tejribe alyşmaga, umuman, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmen tarapynyň wekilleri häzirki tapgyrda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde gurluşyk senagatynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Şeýle hem energetika, oba hojalygy, ulag ulgamy, maşyngurluşygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi. Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.