Habarlaşmak
04.07.2025
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
04.07.2025
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem