
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän “Polatly” binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir.
Hormatly Arkadagymyz aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Olar Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Milli Liderimiz “Ahalteke atlary” şaýolunyň, “Polatly” we “Akhan” monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäherde sogap işleriň amal ediljek ýerine öwrüljek metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine gelip, alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz bu ýeriň bezeg serişdeleriniň onuň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny, şunda awtoduralganyň gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýere geljek adamlaryň degişli dessurlary doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Orazow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň görnüşleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we beýleki durmuş maksatly desgalaryň görnüşleri barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk we oňaýlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr.