24-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistandaky wezipesini tamamlaýan Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wýaçeslaw Beskostyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar halkara we sebit gurluşlarynyň çäginde Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky konstruktiw gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň barşynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Wýaçeslaw Beskostynyň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösmeginde şahsy goşandy nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary diplomatyň işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.