Habarlaşmak
20.11.2024
Ýanwar aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary önümçiligiň ýokary ösüş depginini üpjün etdiler
07.02.2022
Ýanwar aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary önümçiligiň ýokary ösüş depginini üpjün etdiler

Ýanwar aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary önümçiligiň ýokary ösüş depginini üpjün etdiler
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda nebitgaz toplumynda kärhanalaryň işiniň netijeleri barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Geçen aýyň meýilnamalary nebit çykarmakda 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemekde 108,3 göterim, benzin öndürmekde 112,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 116,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmekde 114,8 göterim, polipropilen öndürmekde 124,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda 105 göterim, mawy ýangyjy eksport etmekde 110,7 göterim ýerine ýetirildi.

Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,1 göterime, nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini geçirmekde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 120,1 göterime barabar boldy.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, maýa goýumlary özleşdirmek babatda gazanylan görkezijiler barada-da hasabat berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, köp görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda geologik-gözleg işleriniň sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilmelidigi aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekip, bularyň ählisiniň uglewodorod serişdelerini çykarmaga, taýýar önümleriň mukdaryny artdyrmaga ýardam berjekdigini nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem