20-21-nji sentýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ekspozisiýasy görkezildi.
Toplumyň düzümine girýän iki sany kärhana — Türkmenbaşynyň NGIZT we Seýdiniň NGIZ nebithimiýa we ýangyç önümçiliginde täze önümlerini hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Görkezme sergilikleriniň hatarynda AI-95, AI-92 kysymly etilirlenmedik awtomobil benzini, awiasion we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, gidroarassalanan dizel ýangyjy, selektiw arassalanan motor ýagy, senagat kärhanalary üçin binýatlyk ýag bar.
Şol bir wagtda önümleriň dünýä ekologiýa ülňülerine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berildi. TNGIZT-niň hünärmenleriniň bellemegine görä, EURO-5 we EURO-6 ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän A-92 we A-98 kysymly täze awtobenzinleriň öndürilmegi zawodyň buýsanjy bolup durýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, EURO-5 we EURO-6 ülňüleriniň benzinlerinde kükürt az saklanýar, öňki standartlar bilen bilen deňeşdirilende, olaryň zäherliligi peselen. Şol bir wagtda EURO-5 benzin ýangyçlaryna, EURO-6 bolsa dizel ýangyçlaryna ýöriteleşen.
Häzirki wagtda TNGIZT-de 20-den gowrak ýangyç we nebithimiýa önümleri öndürilýär, olaryň aglaba blegi Aziýanyň we Ýewropanyň ençeme ýurtlaryna eksport edilýär.