Habarlaşmak
07.07.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow: Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Parlamentarileri strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin çözgütleri işläp düzmelidirler
14.05.2022
Gurbanguly Berdimuhamedow: Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Parlamentarileri strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin çözgütleri işläp düzmelidirler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentarileri strategiki ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dessin çäreleri işläp düzmelidirler we kabul etmelidirler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda eden çykyşynda belledi.

«Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygynda ykdysady gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki olar ägirt uly adam kuwwatyna, tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna, önümçilik, tehnologik kuwwatlyklara eýe bolan hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen birleşen, tebigy we birek-biregiň üstüni ýetirýän giňişligi emele getirýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu serişdelerden netijeli peýdalanmak, özara bähbitli uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak biziň ýurtlarymyz üçin möhüm zerurlyk, olaryň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň wajyp şerti bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda parlamentarileriň çetde galyp bilmejekdiklerine ynam bildirdi.

«Ulag, energetika, senagat taýdan ýakynlaşmak ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk gurallaryny döretmek we olary herekete girizmek, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagyň we sazlaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk we işewürlik gatnaşyklaryny kynlaşdyrýan hukuk we beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmagyň üstünde işlemek zerurdyr».

Parlamentarilerden zerur bolan we dessin çözgütlere garaşýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle hem