Habarlaşmak
25.12.2024
Tebigy baýlyklarymyzyň goruny has artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär
24.12.2024
Tebigy baýlyklarymyzyň goruny has artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär.

Onuň aýdyşy ýaly, golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamak işi üstünlikli tamamlandy. Şonda 3 müň 975 metr çuňluk burawlanyp, häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşylýar.

Bu toparyň agzalary indi köp ýyllardan bäri Balkan welaýatynda netijeli işleýärler. Buraw ussasynyň bellemegine görä, olar öňki ýyllarda Ekerem, Çeleken meýdançalarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň baýlyklarynyň üstüni doldurmaga saldamly goşant goşupdyrlar. Goturdepede ýaýbaňlandyrylýan işleriň hem şowlulyklara beslenjekdigine berk ynam bar. Ony deslapky geologik barlaglaryň we anyk hasaplamalaryň netijeleri ynandyryjylykly tassyklaýar.

Gürrüňi edilýän toparda öz käriniň hakyky ussatlary jemlenipdir. Olaryň hatarynda burawlaýjylar Jorakuly Azimow, Alijan Durdybaýew, burawlaýjynyň kömekçileri Zakir Sabirow, Myratjan Seýidow, geolog Remezan Narkulyýew we beýlekiler bar. Baýlyk agtaryjylar daşary ýurtlaryň kämil buraw enjamlary we beýleki gurallary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Hytaý döwletinden satyn alnan kuwwatly buraw enjamynda ýokary öndürijilikli zähmet işi alnyp barylýar. Bular bilen birlikde, medeni çäkden uzakda işleýän adamlaryň kadaly dynç almaklary üçin hem amatly şertleri döretmäge ýakyndan üns berilýär. Zähmet adamlary özleri hakynda edilýän şeýle aladalara mynasyp jogap berýärler.

Magtym Mahmudow ýetip gelýän Täze ýyl baýramyny zähmet sowgatly garşylaýandygyna buýsanýandygyny, geljekde hem yhlasly işläp, ösüşlere saldamly goşant goşjakdygyny, ýakyn günlerde Goturdepe käninde ýene bir guýyny — 1 müň 908-nji gözleg guýusyny burawlamak işine başlap, Döwlet Baştutanymyzyň aladalaryna yhlasly zähmet bilen jogap berjekdiklerini aýtdy.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem