Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 38-si hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryna deň boldy.
Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürler toparynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — arassalanan mazudy we dizel ýangyjyny, uçar kerosini satyn aldylar.
Ýerli täjirler milli manat serişdelerine ýokary basyş arkaly taýýarlanylýan polietileni satyn aldylar.
Milli manat we dollar serişdelerine «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde öndürilýän halylar, şeýle hem reňksiz aýna önümleri we pagta süýümi ýerlenildi.