Habarlaşmak
03.07.2025
Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiliginde ýokary ösüş depginlerini gazandy
23.09.2021
Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiliginde ýokary ösüş depginlerini gazandy

Ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) dürli kysymly benzinleriň 135 müň 200 tonnasy öndürildi, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9%-e deň boldy. Şeýle-de zawod dizel ýangyjy, agyr wakum gazoýly, ýol bitumy ýaly beýleki önümleriň hem önümçiliginiň ýokary ösüş depginini görkezdi.

Şu ýylyň başyndan bäri önümçilik kärhanasynda dizel ýangyjynyň öndürilişi 77 müň 600 tonna, agyr wakum gazoýly 22 müň 800 tonnadan gowrak we ýol bitumy 19 müň 500 tonna deň boldy.

Şeýlelik bilen, kärhana hasabat döwründe öndürýän önümleriniň görnüşleriniň aglaba böleginiň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirdi.

Belläp geçsek, SNGIZ-niň önümleri içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar.
 

Şeýle hem