Habarlaşmak
18.09.2024
Serdar Berdimuhamedow: «OGT-2022» forumy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar
21.10.2022
Serdar Berdimuhamedow: «OGT-2022» forumy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar

Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ýerli we ýurdumyzda işleýän halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri hasaba alyndy.

Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmagy, maýa goýumlary çekmäge ýardam bermegi, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem