Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň jemleri boýunça penşenbe güni guralan brifingde eden çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin Owganystandaky ýagdaýa çemeleşmekde Moskwa bilen Aşgabadyň çemeleşmeleriniň ýakynlygyny belledi.
«Owganystandaky ýagdaýa baha bermekde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan aýdylan çemeleşmelere ýakynlygymyzy bellemek isleýärin. Bu döwletiň ykdysadyýetini dikeltmekde, gaýragoýulmasyz ynsanperwerlik kömegini ibermekde goldaw bermegiň zerurdygy bilen ylalaşýarys» - diýip Blohin belledi.
Ilçiniň şeýle hem bellemegine görä: «Russiýa ABŞ-nyň hem-de olaryň hyzmatdaşlarynyň jogapkärçilik çekip, bu işe maliýe goldawyny goşjakdygyna ynanýar». Ýakynda geçirilen YHG döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurama agza döwletleri «häzirki ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy».
Şol bir wagtda türkmen Lideri iri sebit infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmeklige Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümligini belledi. Bu taslamalar — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamlarynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy.