Habarlaşmak
02.07.2025
Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler
21.06.2022
Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatlarynda Günorta we Merkezi Aziýada bilelikdäki energetika taslamalaryny ilerletmäge gyzyklanmalary hakynda beýan etdiler.

«Pakistan Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgelerine daýanýar. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygynyň hem-de ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň ilerledilmegi bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa tutuş sebitiň gülläp ösmegine we abadançylygyna ýardam eder» - diýlip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň hatynda bellenilýär.

«Pakistanyň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna taýýardygyny tassyklamak isleýärin» - diýip Alwi hatynda nygtaýar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň hatynda şeýle bellenilýär: «Pakistanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmaga berk ynanýandygyny tassyklamak isleýärin. Siziň bilen, aýratyn-da, söwda we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklarymyzy giňeltmäge umyt edýäris».

«Iki ýurduň arasynda energetika we beýleki taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň Günorta hem-de Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda umumy garaýşymyzyň durmuşa geçirilmeginde bizi ýakynlaşdyrjakdygy baradaky pikiriňizde Siziň Alyhezretiňiz bilen doly ylalaşýaryn» diýip Premýer-ministr belleýär.

Öz hatlarynda Arif Alwi we Şahbaz Şarif Serdar Berdimuhamedowy Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaýarlar. 

Şeýle hem