Habarlaşmak
17.09.2024
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
16.09.2022
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

Hormatly adamlar,

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

Senesi: 2022-nji ýylyň 22-23-nji sentýabry

Wagty: 08:00 sag. – 13:00 sag.

Geçiriljek ýeri: Gyýanly şäherçesi, Ýerüsti gaz terminalynyň sport zaly (ÝGT)

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:

Nebit çykarmak

Tehnologiki we önümçilik kynçylyklary

  • Monoetilenglikolyň regenerasiýasy (MER)
  • Gaýtadan ulanmak, çäklendirmek, galyndylary gaýtadan işlemek
  • Sanly tehnologiýalar

Tehniki döwrebaplyk

  • Döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üçin inžinering hyzmatlary
  • Gözegçilik we talap maksatnamasy
  • Iki walentli duzy aýyrmak boýunça Desga üçin çözgüt (DSRU)

Tehniki hyzmat

  • Gaplary/rezerwuarlary arassalamak boýunça işler
  • Gurluşyk tokaýlaryna we izolýasiýa talaplar
  • Ätiýaçlyk şaýlary we olaryň dogry saklanylmagy

ZG, TH we DGG (Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak)

  • Halas ediş serişdeleri, Ýangyna garşy enjamlar boýunça talaplar
  • ZG, TH we DGG dolandyryş ulgamy we şertnamalary baglaşmakda onuň ulanylyşy
  • «PÇ (T) SB» kompaniýasynda işleri ýerine ýetirmekde howpsuzlyk ulgamy boýunça maglumatlary alyş-çalyş etmek

Logistika

  • Ibermeler üçin netijeli logistika
  • Logistika boýunça iş ugry

Çäräniň geçiriljek ýerine kompaniýaňyz barada doly maglumatlary getirmegiňizi haýyş edýäris.

Eger-de siz gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, onda kompaniýaňyz barada maglumatlary şu elektron salga pctsb_registration@petronas.com «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni» sözbaşy bilen 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabryna 12:00-a çenli ugratmagyňyzy soraýarys.

 Giriş tölegsiz.

Şeýle hem