Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, gämi duralgasyny 30 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak bellenildi.
Kararyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna geçen hepde geçirilen Hökümet mejlisinde hödürlenildi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çig nebiti ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň geriminiň giňeldilmegine, sebitiň örän iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmeginiň üpjün edilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidir.
Prezident Karara gol çekip, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa bu desga bina edilende, ähli ekologik talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Britan kompniýasy Türkmenistanda iş alyp barmakda üstünlikli tejribä eýedir. Öň, «Petro Gas LLP» kuwwatlylygy ýylda 30 mlrd kub metre barabar bolan «Malaý» gazkompressor bekediniň gurluşygyny amala aşyrdy. 2017-nji ýylda bolsa bu kompaniýa tarapyndan TNGIZT-de suw arassalaýjy desga ulanyşa girizildi.