Habarlaşmak
12.07.2025
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler
20.11.2021
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler

Dekabr aýynda OPEC-iň ministrleriniň duşuşygynda 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEC-iň baş sekretary wezipesine bellemek üçin Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisiniň dalaşgärligi maslahatlaşylar diýip, Kuweýtiň nebit we ýokary bilim ministri Muhammed Abdel Latif al-Fares Abu-Dabidäki ADIPEC-2021 Halkara nebitgaz sergisiniň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.

«Hawa, bu mesele gün tertipde bar» diýip, ol TASS-yň wekiliniň degişli soragyna jogap berdi. Al-Fares şeýle hem guramada başga adamlaryň dalaşgärligini hem gözden geçirýändiklerini belledi, emma olaryň adyny mälim etmedi.

2016-njy ýylyň awgustyndan bäri OPEC-iň baş sekretary wezipesini 62 ýaşly nigeriýaly syýasatşynas Mohammed Sanusi Barkindo eýeläp gelýär, ol 1986-njy ýyldan bäri OPEC bilen Nigeriýanyň wekili hökmünde işleşip gelýärdi. Onuň wezipe ygtyýarlyklary 2022-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda tamamlanýar. OPEC-iň düzgünnamasyna görä, baş sekretar bir gezek gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi bilen, üç ýyl möhlete saýlanyp bilinýär.

TASS-yň bellemegine görä, Al-Gais 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda Kuweýtiň OPEC-däki wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Ol OPEC+ ýurtlarynyň «hyzmatdaşlyk hakynda jarnamasynyň durmuşa geçirilmeginde wajyp orun eýeledi», aýratyn hem «ylalaşygyň işiniň esasy gurallary işlenilip başlanda» 2017-nji ýylda bu aýratyn hem ähmiýetli boldy. Al-Gais Koliforniýadaky San-Fransisko uniwersitetini syýasatşynas ugry boýunça tamamlady we nebit kompaniýalarynda hem-de Kuweýtiň DIM-inde işledi.

OPEC ministrleriniň duşuşygy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçiriler.

Şeýle hem