Habarlaşmak
12.07.2025
Oktýabrda Sank-Peterburgda nobatdaky Halkara gaz forumy geçiriler
09.09.2021
Oktýabrda Sank-Peterburgda nobatdaky Halkara gaz forumy geçiriler

Bütindünýä gaz senagaty üçin şu ýylyň dowamynda geçiriljek möhüm çäreleriň biri bolan 10-njy Peterburg Halkara gaz forumy 2021-nji ýylyň 5-8-nji oktýabrynda Sankt-Peterburgda geçiriler. 

Forumyň geçirilip başlaly bäri agza döwletleriň wekilleriniň we nebit-gaz pudaklarynyň arasynda özara iş alyp barmaklary üçin üstünlikli hereket edýän ulgam döredildi.

Adatça çärelere tejribeli işewürler bilen bir hatarda meşhur alymlar hem gatnaşýarlar. Forumyň çäginde geçirilen duşuşyklaryň netijesinde pudagyň yzygider ösmekligi ugrunda netijeli ädimler ädildi. 

Forumyň meýilnamasy 20 ugurdan ybarat bolup, olaryň içinde pudagyň durnukly ösüşi, gazyň adaty däl görnüşleri, geliýiň ulanylyşy, nebit we gaz kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň hukuk düzümi, logistika we ulag we başga-da birnäçe ugurlar bar. 

Şeýle-de çäräniň çäklerinde “InGAS Stream – Gaz pudagynda innowasiýalar” atly 8-nji ýöriteleşdirilen halkara sergisi, “Gaz bilen işleýän motorlaryň ýangyjy” atly 7-nji ýöriteleşdirilen halkara sergisi, gaz pudagynyň we gaz hojalygyndaky tehniki serişdeleriň 24-nji ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçiriler. 
 

Şeýle hem