Habarlaşmak
20.04.2025
Nebitgaz senagaty: geçilen menziller, ýetilen sepgitler
17.04.2025
Nebitgaz senagaty: geçilen menziller, ýetilen sepgitler

Günbatar Türkmenistanda nebit çykarylyşynyň taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Hazar deňziniň gündogar kenary özüniň nebit çeşmeleri bilen gadymdan bellidir. XVII asyryň taryhy ýazgylarynda nebitli guýular we olardan alynýan nebitiň daşarky bazarlara alnyp gidilendigi barada aýdylýar. XIX asyrda iri mallaryň derisinden taýýarlanan meşiklere guýlan türkmen nebiti düýelere ýüklenip, Hindistanyň, arap döwletleriniň, Eýranyň we Ýewropanyň uly şäherleriniň bazarlaryna eltilipdir. Çeleken we Nebitdag ýataklarynda el bilen guýy gazyp, nebit almak usuly XIX asyryň ahyrlaryna çenli dowam edipdir. XX asyryň başlarynda Çelekenden nebit almak usuly güýçli depginde össe, Nebitdag käninde hiç hili iş geçirilmändir. Onuň esasy sebäbi bu käniň bir tarapyny Barsagelmeziň ürgün çägeliginiň, beýleki tarapyny bolsa Baba hojanyň şor batgalygynyň tutýandygydy. Bu şertler ol ýerde iş alyp barmagy kynlaşdyrýardy. Rus geology K.Kaliçkin ýatlamasynda kerwen bilen Nebitdagyň belentligine üç günde aşandygyny belläp geçýär.

Demir ýol çekilenden soň, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak zerurlygy döreýär. Şeýlelikde, 5 sany guýynyň düýbi tutulýar. 1911-nji ýylda Simonow-3 belgili guýy gazylanda, bekleýji kolonnadan gaz gatyşykly nebit öz güýjüne Ýeriň ýüzüne çykýar. Nebitdag belentliginiň demirgazyk tarapynda gazylan guýularyň köp bölegi önüm bermeýär. Olaryň käbirlerinden bir gije-gündizde 500-600 put önüm almak başardýar. Şonuň netijesinde Nebitdag käninden nebit almak üçin gazylan guýulary çuňlaşdyrmak zerur diýlen netijä gelinýär.

1922-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň nebit boýunça müdirligi döredilýär. Çeleken, Nebitdag nebit känlerindäki nebit guýularyny dikeltmek we täze guýulary özleşdirmek diňe 1924-nji ýyldan soň uly möçberde durmuşa geçirilip başlanýar. 1925-nji ýylyň başynda Çelekende «Türkmennebit» tresti döredilýär. Trestiň düzümine Çelekeniň nebit-ozokerit promyseli, Türkmenistanda bolan 19 sany nebit ammary goşulýar. Nebit promysellerini dikeldiş döwründe ýokary, ýörite orta bilimli we işçi hünärmenler ýetmezçilik edýärdi.

1924 — 1932-nji ýyllar aralygynda Çeleken we Nebitdag känlerinde işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu işlere rus akademigi N.Gubkiniň we onuň pikirdeşleriniň Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklarynyň uly gorlarynyň bardygy baradaky ylmy tassyklamalary itergi berýär. 1930-njy ýylda Nebitdag käninde gazylan 11-nji guýynyň çüwdürim bilen işlemegi, 19-njy, 24-nji we 12-nji guýulardan ýokary önüm alynmagy bu nebit käniniň uly geljeginiň bardygyny tassyklaýar. Uly depginde alnyp barylýan işlerde Hojamämmet Gulatarowyň, Anna Guljanowyň, Gurban Şiriniň, Satlyk Ödäýewiň, Baýram Allaberdiýewiň, Gurbanýaz Çopanowyň we beýlekileriň hyzmaty uludyr. Baýry nebitçileriň hatarynda ilkinji türkmen nebitçi zenany, Türkmenistanyň at gazanan nebitçisi Nursoltan Berdiýewany agzaman geçmek bolmaz.

Orta mekdebi tamamlanymdan soň, men Nebitdag nebit käniniň 1-nji nebit promyselinde ýönekeý işçi bolup işe başladym. Işlän döwrümde ençeme ussat nebitçiler bilen işleşmek miýesser etdi. Şolaryň içinde açyk göwünli, ýokary adamkärçilikli Nursoltan daýza-da bardy.

Täze nebit meýdançasy bolan Goturdepede, Barsagelmezde 1-nji gözleg guýusyny gazmak buraw ussasy Refkat Idrisowa, 2-nji gözleg guýusyny gazmak bolsa Zähmet Gahrymany Satlyk Ödäýewe ynanylýar. Guýyny çuňlaşdyrmak işleri kynçylykly ýagdaýda çylşyrymlaşmalar bilen geçilýär. 1962-nji ýylda 2-nji guýy 20 metr nebitli çägesöw dag jynsyna girýär we buraw ergininiň ýitgisini güýçlendirýär. Bu bolsa guýynyň diwarynyň ýykylmak howpuny döredýär. Guýyny ýitirmek howpundan ätiýaç eden hünärmenler gazmany saklamaly we gazylan çuňlugy özleşdirmeli diýen netijä gelýärler.

1962-nji ýylyň 7-nji dekabrynda synag edilende, ýokary önümli çüwdürim usulynda bir gije-gündizde 120 tonna arassa nebit alyndy. Şundan soňra birnäçe önümli guýular gazyldy we olaryň netijesinde «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň düzüminde täze 3-nji nebit promyseli açyldy.

Häzirki döwrümiz nebitgaz senagatynyň döwrebap tehnologiýalara daýanyp ösýän zamanasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agyr tebigy şertlerde täze nebit känlerini açmakda, nebit senagatynyň ösmeginde güýç-gaýratyny gaýgyrman işlän halypalarymyza uly hormat-sarpa goýulýar.

Balkan ŞYHYÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem