«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawçylary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda şu ýylyň geçen döwrüni ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemlediler.
Hazarýaka ýataklarynda iş alyp barýan nebitçiler ýylyň başyndan bäri 9 müň 772 metr dag jynslaryny burawladylar. Geçirilen gözleg-barlag işleriniň netijesinde iki sany nebit guýusy ulanyşa berildi.
Şu günler burawçylar uglewodorod çig malyna baý ýataklaryň üçüsinde buraw işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.