Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli guýularynda nebit çykarmakda ulanylýan desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, önümçilige döwrebap usullary, tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de desgalary döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.