26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şouwyň öz işine başlamagyna bir aýdan sähel köp wagt galdy. Häzirki wagtda bu möhüm pudaklaýyn foruma taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.
Çäräniň guramaçylarynyň habar bermegine görä, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bu foruma hemaýatkär bolmak meýillerini eýýämden tassykladylar. Şeýlelik bilen, Mitro International kompaniýasy International Roadshow-da altyn hemaýatkär derejesini tassyklady. Petronas kompaniýasy bolsa roud-şouwyň bürünç hemaýatkäri bolar.
Mundan başga-da, Upstream, PETRONAS-da halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mark Fitsjerald 4-nji sessiýada doklad bilen çykyş eder. Onuň mowzugy — türkmen energetika toplumynda maýa goýum mümkinçilikleri.
Forumda çykyşlaryny tassyklan beýleki spikerleriň arasynda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň top menejerleri hem bar.
Olaryň hatarynda: