Habarlaşmak
07.07.2025
«Lukoýl» türkmen-azerbaýjan «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär
07.06.2021
«Lukoýl» türkmen-azerbaýjan «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär

Russiýanyň «Lukoýl» nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wagit Alekperow Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde aýtdy diýip, Interfaks agentligi habar berdi.

Alekperow “Dostluk” taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň häzirki wagtda hökümetara şertnamany taýýarlaýandygyny belledi. «Lukoýl» türkmen-azerbaýjan «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmak isleýär, emma kompaniýa taslamada näçe paý aljakdygyny bilenok.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Bilermenler “Dostluk” ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň takmynan 50 million tonna nebite barabardygyny çaklaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Aşgabatda maý aýynda geçirilen halkara forumda «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Dostluk» ýatagynyň özleşdirilmeginiň ýurda günbatar tarapa tebigy gaz eksport etmekde täze mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

 

Şeýle hem