«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrýar. 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda kärhana boýunça «mawy ýangyjyň» önümçiligi 8,2 mlrd kub metre deň boldy. Bu bolsa bellenilen döwür üçin meýilnamadan 34% artykdyr.
Hytaý Halk Respublikasy — öndürilen harytlyk gazy sarp edijileriň hatarynda. Häzirki wagtda ulanyş guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, hereketsiz ýatan gaz guýularyny dikeltmek, şeýle hem täze guýulary senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.
Müdirligiň işgärleriniň esasy wezipesi — tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak. Ýylyň başyndan bäri onlarça guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. «Agar guýy» känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler hem giň gerime eýe boldy.