10-njy sentýabyrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz bu ugurda öňde durýan anyk wezipeler barada aýdyp, nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli ylmy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda alymlar bilen bilelikde maslahat geçirip, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, nebitiň baý gorlary bolan geljegi uly känleriň mümkinçiliklerini seljermek, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary doly güýjünde işletmek bilen baglanyşykly meseleleri degişli derejede çözmegi tabşyrdy.