Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.
«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanun şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edildi.
Konstitusion Kanunyna laýyklykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlygynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmäge, döwlet edaralaryna, şeýle hem wezipeli adamlara degişliligi boýunça seredilmegi hökmany bolan başlangyçlar bilen çykyş etmäge hukuklydyr.
Milli Lideriň Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meselelere garalanda, kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşylanda çykyş etmäge; Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan ösdürmegiň ugurlaryna degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende, möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaga, teklipleri bermäge, öz garaýyşlaryny beýan etmäge hukugy bar.
Türkmen halkynyň Milli Liderine onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.