«Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümleri «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Galkynyş» gaz käniniň 264 belgili ulanyş guýusynda 4 müň metrden gowrak çuňluk burawlandy. Netijede, önümli gatlagyň 3852 — 4011 metr aralygy özleşdirilip, bir gije-gündizdäki çykymy 2 million 240 müň metr kuba deň bolan gaz akymy alyndy.
«Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.
Gürrüňi edilýän gaz guýusy geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat mümkinçilikleriniň artmagynda ähmiýetli orun eýelär.
Çeşme: Türkmenmetbugat