16-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen «FIT International» maslahat beriş kompaniýasynyň başlygy Kurt Edwards bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalar mynasybetli tematiki çäreleri gurnamaga gatnaşan «FIT International» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.
Hususan-da, taraplar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geljek ýylda bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim we medeni häsiýetli çäreleriň geçirilmegi barada pikir alyşyldy.