Çarşenbe güni, 31-nji maýda iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, türkmen halkynyň Milli Liderine giň ugurlary öz gerimine alýan bu toplumyň işleri barada aýdyň düşünje berýän özboluşly tanyşdyryş çäresine öwrülen wideorolik görkezildi.
Bu ýerde energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda ugurdaş düzümleri, esasy we kömekçi enjamlary-- gaz we bug turbinalaryny, elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek, suw arassalamak, şeýle hem demir ýol otlylarynyň düzümi üçin lokomatiwleri we beýlekileri öndürmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, kompaniýalar topary ulag ulgamlaryny ulanmak hem-de olara tehniki hyzmat etmek işlerine ýöriteleşdirilendir, şeýle hem bu ulgamlary elektrifikasiýalaşdyrmak işleri bilen meşgullanýar. Elektromobilleriň önümçiligi üçin düzümleri ösdürmek hem-de olar üçin energiýa beriji stansiýalary gurmak bu holdingiň ulag ulgamynda alyp barýan işleriniň ýene bir ugrudyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, «akylly» öýleriň, demirýol düzümleriniň, awtomobilleriň we beýlekileriň kiçeldilen nusgalary görkezildi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.
Senagat toplumynyň ýolbaşçylary öz işlerine gyzyklanma bildirendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eýran tarapynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassykladylar.