«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň işgärleri ilaty, etrapdaky edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün etmeklerini dowam edýärler. Häzirki wagtda gazçylar gije-gündizleýin dürli diametrli 997 kilometrlik gaz geçirijilerine, şeýle hem 336 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalara hyzmat işlerini ýerine ýetirýärler.
Geçen ýylda kärhananyň gurluşyk we gurnama bölümleri tarapyndan Aşgabat we G.Atamedow geňeşliklerinde gaz torlarynyň abatlaýyş işleri geçirildi. Bu öz gezeginde sarp edijileriň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda G.Atamedow, 10 ýyl Abadançylyk etraplarynyň çäginde ilatly nokatlaryň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen täze gaz geçirijilerini çekmek işleri amala aşyrylýar.