Habarlaşmak
05.07.2024
Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar
29.06.2024
Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin amatly şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde, seýilgählerinde oturdylan daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem