Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, toplumyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyndan doly peýdalanmak, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň ýollary barada durup geçdiler.
Ýygnagyň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, çig maly gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmak babatda hem öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyna, her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, ýygnananlara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.