Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.